Kofe rak keseliniň öňüni alyp bilýär. Muny alymlar tassyklaýar

  • 06.05.2024 23:41
  • 12k+

Kofeniň yzygiderli içilmegi bagyr we aşgazan asty mäziniň rak keseliniň käbir görnüşleriniň döremek howpuny azaldyp biler. Muny derňewler görkezdi diýip, smotrim.ru habar berýär.

Kofede polifenollar, ýagny öýjükleri zeperlerden goraýan, rak öýjükleriniň ösmegine päsgel berýän we hatda olaryň ölümine sebäp bolýan güýçli antioksidantlar bar.
Mundan başga-da, kofede bagyrda kanserogenleri zyýansyzlandyrmaga kömek edýän fermentleriň işlenip çykarylmagyny höweslendirýän kafestol bar.
Şeýle-de bolsa, kofeni, ortaça, günde 3-4 çaşkadan (300 mg kofein) köp içmezlik maslahat berilýär.
Kofeden başga-da, beýleki iýmitler hem rak keseliniň howpuny azaltmaga kömek edip biler: kelem, brokkoli, gyzyl tüwi, deňiz önümleri, kod balygynyň bagry we başgalar.


20.06.2026 12:08
6.5k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......