BMGÖM Türkmenistanda 114-den gowrak kliniki barlaghanalary döwrebaplaşdyrdy

  • 04.05.2024 21:05
  • 5k+

Türkmenistan Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän we BMGÖM tarapyndan amala aşyrylýan taslamanyň çäginde Ahal welaýatynyň 10 kliniki barlaghanasynda we Aşgabat şäheriniň 28 kliniki barlaghanasynda häzirki zaman barlaghana enjamlaryny oturtmak işler üstünlikli tamamlandy we hünärmenler üçin okuw sapaklary geçirildi.

BMGÖM-de habar bermeklerine görä, bu barlaghanalarda köpsanly barlag görnüşlerini, has takygy, ganyň umumy, biohimiki we koagulýasiýa barlaglaryny, peşewiň barlagyny, mikroskopiýa we beýleki barlag görnüşlerini geçirmek üçin zerur sarp ediş serişdeler we reaktiwler bilen üpjün edildi.
Şuňa meňzeş çäreler mundan ozal Mary welaýatynyň barlaghanalarynda, Lebap welaýatynyň barlaghanalarynda, şeýle hem, Daşoguz welaýatynyň barlaghanalarynda we Balkan welaýatynyň barlaghanalarynda geçirildi.
Şeýlelik bilen, tutuş Türkmenistan boýunça jemi 114 barlaghana döwrebaplaşdyryldy.
Bu taslamanyň maksady Türkmenistanyň Milli saglyk ulgamynyň kliniki-barlaghana gullugyny işjeňleşdirmek, şeýle hem başlangyç saglygy goraýyş derejesinde ilat üçin häzirki zaman we ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak bolup durýar.


düýn 17:46
1.5k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
2.7k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.8k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......