Ispaniýadan tapylan syrly "Ekskalibur" musulmanlara degişli bolup çykdy. Onuň ýaşy - 1000 ýyl

  • 03.05.2024 22:26
  • 25k+

Arheologlar 1994-nji ýylda Walensiýadan (Ispaniýa) tapylan gylyjyň ýaşyny kesgitlediler. “Haýtek”-iň ýazmagyna görä, bu artefakt iň soňky gezek X asyrda, Ispaniýanyň aglaba bölegi musulman hökümdarlarynyň gol astyndaka ulanylypdyr.

46 sm uzynlykdaky demir gylyç mazardan tapyldy, ol ýere dürtülgi ýagdaýda eken, şonuň üçin taryhçylar ony şa Arturyň rowaýata öwrülen gylyjy bilen meňzeşligi üçin, “Ekskalibur” diýip atlandyrdylar. Onuň tutawajy bürünç plastinalar bilen bezelipdir we tygynyň bolsa häsiýetli egriligi bar. Tygynyň bu soňky aýratynlygy onuň senesini kesgitlemegi kynlaşdyrdy, sebäbi biziň eýýamymyzyň 418-nji ýylyndan 711-nji ýylyna çenli Ispaniýany dolandyran westgotlaryň ýaraglarynda hem şeýle aýratynlyk bardy.
Granada uniwersitetiniň arheology Hoze Migel Osuna tarapyndan geçirilen gözleg gylyjyň Walensiýanyň musulmanlaryň hökümdarlygy astynda döwri ulanylandygyny görkezdi. Mundan başga-da, gylyjyň ululygyna we el goraýjysynyň ýokdugyna seredip, hünärmenler onuň atlylara degişli bolandygyny çaklaýarlar.
Walensiýadan tapylan Ekskalibur özboluşly hasaplanýar, sebäbi ol bu sebitden tapylan yslam döwrüniň ilkinji gylyjydyr.


şu gün 10:53
434

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....