Türkmenistanda 2024-nji ýylyň iň gowy mugallymy we terbiýeçisi yglan edildi

  • 03.05.2024 21:26
  • 20k+

Aşgabatda ýurdumyzda Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan her ýyl geçirilýän "Ýylyň mugallymy" we "Ýylyň terbiýeçisi" bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. Bu barada "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Bäsleşigiň final tapgyrynda iki günüň dowamynda ýurdumyzyň ähli sebitleriniň iň gowy pedagoglary we terbiýeçileri bäsleşdiler.
Bäsleşigiň jemleri boýunça "Ýylyň mugallymy - 2024" adyna Daşoguz şäheriniň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwrenmäge ýöriteleşdirilen №29 orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Jennet Annamämmedowa mynasyp boldy. 

"Ýylyň terbiýeçisi - 2024" adyna Aşgabatdaky 103-nji çagalar bagyndan Güljahan Kuliýewa mynasyp boldy. Eminler onuň mekdebe çenli çagalary terbiýelemekde öňdebaryjy oýun usullaryna ýokary baha berdiler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Diplomlar we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.


02.06.2026 20:35
3.6k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......