Saçlarynyň uzynlygy 2,5 metrden gowrak bolan ukrainaly «Rapunsel» Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 29.04.2024 14:56
  • 32k+

Ukrainaly Aliýa Nasyrowa häzirki wagtda ýaşap ýören zenanlaryň arasynda dünýäde iň uzyn saçlaryň eýesi hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Boýy 1,65 metr bolan gyzyň saçynyň uzynlygy 257,33 santimetre ýetýär.

Häzirki wagtda Aliýa Slowakiýada ýaşaýar, suratkeş, grafiki illýustrator, model bolup işleýär, YouTube-de kanal ýöredýär.
Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň wekilleri Aliýany "janly Rapunsel" diýip atlandyrdylar (Rapunsel - aşa uzyn saçly, belli multfilm gahrymany). Aliýanyň öz aýtmagyna görä, şeýle uzyn saçlary ösdürip ýetişdirmäge ony ejesi, enesi hem-de multfilm gahrymanlary ruhlandyrypdyr.
«Lo Show dei Record» italýan programmasynyň ýaýlymynda Aliýa saçyny hiç wagt kiçeltmändigini, diňe ujuny çyrpandygyny aýtdy.

Aliýa saçlaryny hepdede bir gezek ýuwýar, ol 30 minut dowam edýär. Aliýa saçlaryny tebigy ýagdaýda - fen ulanmazdan guradýar. Guratmak prosesi bir güne çenli ýetip bilýär. "Saçlarymy diňe guran wagty daraýan. Ol ýuwlandan ertesi güni bir sagat, galan günler 30 minut wagtymy alýar" - diýlip rekordyň eýesi aýdýar.


şu gün 00:07
3.9k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......