Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

  • 29.04.2024 12:27
  • 7k+

28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda milli ykdysadyýetleriň bähbitlerini we birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerindäki köpýyllyk bilelikdäki işiň baý tejribesini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm guraly hökmünde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň orny bellenildi.
Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum gurşawynyň, Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna pugta eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary halkara abraýynyň munuň şeýle bolmagyna ýardam edýändigini nygtady. Netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky işjeň özara gatnaşyklar aýratyn bellenildi.
Tatarystanyň Raisi türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň goldaw bermeginde Türkmenistanda milli ruhy we maddy medeniýetiň gadymy däplerini öwrenmek, gaýtadan dikeltmek, gorap saklamak, dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.


düýn 22:17
1.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......