Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli döredijilik işgärleriniň bäsleşikleriniň ýeňijileri yglan edildi

  • 28.04.2024 00:20
  • 15k+

27-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guraldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy:

  • Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby G.Bekbaýewa «Türkmen bedew aty Toýly» atly haly eseri;

  • Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby A.Annaýewe «Milli mirasymyz» atly at şaý-sep toplumy;

  • Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Dizaýn» kafedrasynyň mugallymy A.Atahanowa «Toýly gün» atly nakgaş eseri;

​​​​​​​

  • Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby K.Soltanowa «At gazanan goç ýigidiň, owwal bedew aty gerek» atly heýkel eseri;

​​​​​​​

  • Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby N.Ýolamanowa «Behişdi bedewler» atly foto işleri;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň telekinooperatorçylyk hünäriniň 5-nji ýyl talyby W.Myşşyýewe «Şöhraty dünýä dolan bedew» atly wideo şekili üçin baýraklar gowşuryldy.

 


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......