Astronomlar Ýere meňzeş sergezdan planetany tapdylar

  • 23.04.2024 11:08
  • 14k+

Astronomlar hiç bir ýyldyz bilen baglanyşykly bolmadyk we massasy Ýer bilen deňeçir ilkinji sergezdan planetany tapdylar. Naked Science-iň habar bermegine görä, TESS kosmos teleskopynda edilen bu açyş mikrolinzalamak usuly arkaly mümkin boldy, şonda uly obýektiň grawitasiýa meýdany yzynda duran ýyldyzyň ýagtysyny gyşardýar.

Alymlar şu wagta çenli diňe Ýupiter bilen deňeşdirip boljak has uly sergezdan planetalary tapmagy başarypdylar. Täze hasaplamalar Ýeriň massasyna deňeçer “sergezdanlaryň” Akmaýanyň Ýolundaky ýyldyzlardanam 20 esse köp bolmagynyň mümkindigini görkezdi.
"Görünmeýän" planeta bizden 10,4 müň ýagtylyk ýyly daşlykda ýerleşýär. Ol TIC-107150013 ýyldyzynyň ýagtysyny gyşardýar, bu bolsa alymlara onuň massasyna baha bermäge mümkinçilik berdi. Deslapky çaklamalara görä, ol Ýeriň massasynyň birden on aralygyna deň.
Öz ýyldyzynyň ýoklugyna garamazdan, sergezdan planetalarda ýaşaýşyň bar bolmagy juda ähtimal. Käbir ylmy toparlar olaryň üstüniň aşaky gatlagynda bakteriýalaryň ýaşap biljek ýeri bolan uly ummanlaryň bolup biljekdigine ynanýarlar.
TESS eýýäm Ýere meňzeş sergezdan planetany tapmaga kömek eden hem bolsa, geljekde 2027-nji ýylda uçurylmagy meýilleşdirilýän Nensi Greýs Roman kosmos obserwatoriýasy tarapyndan has köp zatlaryň tapylmagy mümkin.


şu gün 10:51
279

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.4k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:45
3.8k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.4k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......