“Jeýms Uebb” Uranyň täze hemrasyny açdy

  • 22.08.2025 13:22
  • 3.2k+

“Jeýms Uebb” kosmos teleskopy Uranyň täze hemrasyny açdy – ol S/2025 U1 adyny aldy. Indi planetanyň mälim hemralarynyň sany 29-a ýetdi diýip, NASA habar berdi.

Agentlik bu açyşyň 2025-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolandygyny belleýär. Asman jisiminiň diametri, takmynan, 10 kilometr diýlip hasaplanýar. NASA onuň hut kiçi göwrüminiň 1986-njy ýylda “Woýajer-2” zondy Uranyň gapdalyndan uçup geçende görünmegine päsgel beren bolmagynyň mümkindigini belledi.   
Täze hemra Uranyň merkezinden, takmynan, 56 müň kilometr aralykda ýerleşýär we Ofeliýa bilen Býanka hemralarynyň orbitalarynyň arasynda planetanyň ekwatorial tekizliginde hereket edýär.

“Onuň tegelek orbitasy onuň, ähtimal, häzirki ýerleşýän ýerinden uzak bolmadyk ýerde dörändigini çaklamaga mümkinçilik berýär” – diýip, Günorta-Günbatar gözleg institutynyň (SwRI) öňdebaryjy hünärmeni Mariame El Mutamid gürrüň berdi.

Uranyň ilkinji iki hemrasy – Titaniýa we Oberon – 1787-nji ýylda angliýaly astronom Uilýam Gerşel tarapyndan açyldy. Häzirkiden öňki soňky açyş 2023-nji ýylyň noýabrynda boldy: şol wagt Çilidäki Las-Kampanas obserwatoriýasynda S/2023 U1 hemrasy görüldi. 


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....