Pirs Brosnan boksda rowaýata öwrülen “Şazada Nasim” baradaky terjimehal filmiň aktýorlar düzümine goşuldy

  • 20.04.2024 12:33
  • 14k+

“Şazada Nasim” ady bilen tanalýan, Ýemende doglan iňlis boksçysy Nasim Hamediň durmuşyna we karýerasyna esaslanan “Äpet” atly sport dramasy ABŞ-da surata düşürilýär. Golliwudyň aktýory Pirs Brosnan filmiň aktýorlarynyň hataryna  goşuldy diýip, Variety habar berýär.

Filmdäki baş keşbi “Limb” filmi bilen tanalýan Amir El-Masri ýerine ýetirer. Brosnan bolsa Hamediň iň belli garşydaşlaryndan biri, iňlis boksçysy Pol Ingliň keşbinde oýnar.
Rouen Eteýl “Äpediň” edebi esasyny ýazdy we oňa režissýorlyk edýär. Taslamanyň bir prodýuseri öňden bäri Hamediň zehininiň muşdagy Silwester Stallone bolar.
Nasim Hamed – WBO-nyň, WBC-niň, IBF-niň we IBO-nyň wersiýalary boýunça ýarym ýeňil agramdaky öňki dünýä çempiony. Ol açyk söweş stili, üýtgeşik ugurtapyjylygy we ringde özüne çekiji hereketleri üçin “Şazada Nasim” lakamyny aldy. 2015-nji ýylda ol Halkara boksyň şöhrat zalyna girizildi.
“Äpet” filminde Hamediň şöhratyň belentliklerine çykmakda geçen kyn ýoly, ýokary göterilişleri we pese gaçyşlary, şeýle hem çempionyň şahsy durmuşy barada gürrüň berler.


şu gün 11:31
988

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.6k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....