Ýer astynda ýaşaýan ýyrtyjy garynjanyň täze görnüşine Wolan-de-Mortuň ady dakyldy

  • 17.04.2024 17:55
  • 18k+

SciTechDaily-de çap edilen makalada aýdylyşyna görä, Awstraliýanyň Pilbara sebitinde garynjanyň Garri Potter hakyndaky kitaplarda barlyşyksyz garşydaş Lord Wolan-de-Mortuň hormatyna Leptanilla voldemort (“Leptanilla woldemort”) diýlip atlandyrylan täze görnüşi tapyldy.

Garynja Awstraliýanyň demirgazyk-günbataryndaky gurak sebitdäki ýerasty haýwanat dünýäsiniň gözlegleri geçirilen wagty tapyldy. Ol 25 metrlik skwažina  ýerleşdirilen tor arkaly alyndy.
L. woldemort aksowult reňkli we uzyn aýakly, ötgür äňli aşa syrdam garynja. Alymlar ony garaňkyda köpaýaklylary awlaýan ýyrtyjy diýip hasaplaýarlar.
Günbatar Awstraliýa uniwersitetiniň alymy Mark Wong: "Kiçijik zähmetkeşler ýiti äňlerini we güýçli dişlerini toprakda ýaşaýan özlerinden has uly köpaýaklylary ysmaz  etmek üçin ulanýarlar" – diýip belleýär.
Garynjanyň bu görnüşi wekilleri ýerasty durmuşda ýaşan Leptanilla jynsyna degişlidir. Olar kör we reňksiz, bedenleriniň ölçegi bolsa 1-2 millimetrden geçmeýär, olary adaty göz bilen saýgaraýmak kyn.
"Leptanilla woldemort" bu jynsa degişli garynjalaryň 60 görnüşiniň diňe biridir. Dünýäde garynjalaryň 14 000-den gowrak görnüşi bar.
Ozal täze zelandiýaly alymlar ummanyň düýbünde ýaşaýan 100-den gowrak täze janly-jandary tapdylar.


şu gün 08:02
409

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
381

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.2k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......