Ummanyň düýbünde jandarlaryň 100-den gowrak täze görnüşi tapyldy

  • 16.04.2024 12:39
  • 11k+

Täze Zelandiýanyň Baunti ternawyna geçirilen ekspedisiýa uly açyşa sebäp boldy: alymlar 5 kilometre çenli çuňlukda ýaşaýan jandarlaryň 100-den gowrak täze görnüşini tapdylar diýip, Mail.ru ýazýar.

 

 

Ocean Census-iň, Täze Zelandiýanyň Milli suw we atmosfera barlaglary institutynyň (NIWA) we Te Papa Tongarewa muzeýiniň düzülen gözlegçiler topary üç hepdäniň dowamynda 1800 töweregi janly-jandaryň nusgasyny ýygnadylar. Olaryň arasynda balyklar, balykgulaklar, merjenler, deňiz hyýarlary we şu wagta çenli ylma mälim bolmadyk başga-da köp jandarlar bar.

 

 

Öňdebaryjy gözlegçileriň biri professor Aleks Rojers: "Täze, öň açylmadyk görnüşleriň birgidenini gola salaýdyk öýdýän. Biziň ähli nusgalarymyz öwrenilýänçä, elimizde 100 töweregi täze görnüş bolar. Bu açyşyň balyklara hem degişlidigi meni hasam haýran galdyrdy: bizde üç sany täze balyk görnüşi tapylaýdy öýdýän" – diýdi.

Suwasty dünýäniň biodürlülige neneňsi baýdygyny görkezýän bu açyş Ýeriň köp bölegini tutýan  ummanlardaky ýaşaýyş hakda örän az bilýändigimizi tassyklaýar.


şu gün 08:02
636

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
526

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.3k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......