Günde ýokary klasly dört partlama hasaba alyndy

  • 16.04.2024 15:46
  • 9.7k+

Duşenbe güni Günde M klasly dört partlama bolup geçdi. Bu barada Amaly geofizika institutynyň Geliogeofizika gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.

M1.7 klasly birinji partlama 06:18-de (Aşg.) hasaba alyndy we 20 minut dowam etdi. Soňky partlamalar, M1.0, M2.3 we M1.2 12:32-de başlandy. Ähli partlamalar gysga tolkunly radio aragatnaşygynyň kesilmegi bilen utgaşdy.
Gündäki partlamalar rentgen şöhleleriniň güýjüne görä bäş klasa bölünýär: A, B, C, M we X. Iň kiçi klas A0.0 Ýeriň orbitasynda 1 inedördül metr üçin 10 nanowatt şöhlelenme güýjüne deňdir. Indiki harpa geçilende güýç 10 esse ýokarlanýar.
Belli bolşy ýaly, şeýle partlamalar magnit hadysasyna sebäp bolup bilýän Gün plazmasynyň koronal zyňyndylary bilen utgaşýar.
Häzirki wagtda Günüň rentgen şöhleleriniň Ýeriň ionosferasyna täsiri we magnit meýdanyndaky gozganmalar asuda ýagdaýdadyr. Hünärmenler ýagdaýa gözegçiligi dowam etdirýärler. 


26.02.2026 16:54
5.3k+

Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy...

18.02.2026 09:22
4.3k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...

12.02.2026 11:25
1.4k+

Ýanwar aýy soňky 9 ýylda magnit hadysaly iň işjeň aý boldy

Geçen ýanwar aýy 2017-nji ýyldan bäri magnit harasatynyň iň işjeň hasaba alnan döwri boldy. 31 günüň dowamynda geomagnit tupanlary 10 gezek hasaba alyndy. Bu görkeziji häzirki 25-nji gün sikli üçin hem, 2017-nji ýylyň sentýabryndan bäri geçen döwür üçin hem rekord derejedir...

27.01.2026 10:10
6.4k+

12 ýyldan soň Mihael Şumaheriň saglyk ýagdaýy barada täze maglumatlar peýda boldy

Formula-1-iň ýedi gezek çempiony, meşhur nemes sürüjisi Mihael Şumaher indi düşege bagly däl. Ol henizem dowamly aýak üstünde durup bilmeýändigine garamazdan, lukmançylyk işgärleriniň kömegi bilen maýyplar arabasynda hereket edýär we teleýaýlymlardaky sport ýaryşlaryna tomaşa edýär diýip, Express žurnaly habar berýär...