Türkmenistan we ABŞ ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryny geçirdiler

  • 15.04.2024 15:26
  • 6.7k+

14-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň barşynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan wekiliýetine ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Pommerşaým ýolbaşçylyk etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.

Duşuşykda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem taraplar sebit we ählumumy howpsuzlyk meselelerine garadylar. Syýasy meseleler bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde söwda-ykdysady gatnaşyklar, ekologiýa, medeniýet, bilim we ynsanperwer meseleleri bellenildi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde aýlyk ýygnaklary geçirmegiň we bilim pudagynda ýol kartasyny tassyklamagyň wajyplygy bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň we ABŞ-nyň medeni we bilim maksatnamalaryna ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ygrarlydyklaryny tassyklaýan bilim pudagynda özara düşünişmek barada Ähtnamanyň ähmiýeti nygtaldy. Mundan başga-da duşuşyga gatnaşyjylar C5+1 formatyndaky köptaraplaýyn diplomatik meýdançany goldaýandyklaryny tassykladylar.


düýn 23:05
654

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
774

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......