Çehiýanyň Skoda kompaniýasy we Kostanaýda ýerleşýän Allur gazak zawody dört awtoulag modeliniň önümçiligini ýola goýarlar. Bu barada 74.ru portaly habar berýär.
Hususan-da, täze nesil Skoda Octavia, şeýle hem Kamiq, Karoq we Kodiaq krossowerleri öndüriler. 2025-nji ýyldan soň Gazagystanda kebşirlemek we reňklemek bilen awtoulaglaryň kiçi göwrümli gurnama kärhanasyny işe girizmek meýilleşdirilýär. Ýöne eýýäm şu ýyl onuň işe girizilmegine jikme-jik tehniki we ykdysady baha bererler.
Häzirki wagtda Gazagystanda üç sany Skoda dileri bar – Karagandada, Almatyda we Şymkentde. Astanada awtoulag merkeziniň açylmagyna garaşylýar. Awtoulaglaryň bahasy aýan edilmeýär.