Toyota Camry-niň täze nesli Gazagystanyň bazaryna çykýar: bahalary yglan edildi

  • 03.10.2024 11:31
  • 18k+

4-nji oktýabrda Toyota Gazagystanda Camry sedanynyň täze nesliniň satuwyna başlar. Täze model benzinli hereketlendiriji we gibrid enjam bilen hödürlener diýip, kolesa.kz habar berýär.

Diňe benzinli görnüşiniň bahasy 18,8 - 22,8 million teňňe (39,1 müň - 47,4 müň dollar), gibrid görnüşi - 21,8 - 23,79 million teňňe (45,3 müň – 49,5 müň dollar) aralygynda.
Gazagystanda Hytaýda ýygnalan däl-de, Ýaponiýada ýygnalan sedanlaryň satyljakdygyny bellemek möhümdir.
Esasy bukjada 204 at güýji kuwwaty bolan 2,5 litrlik benzinli hereketlendiriji we 8 tizlikli awtomat bar. Gibrid wersiýa umumy 230 at güýjüni hödürleýär. 100 km/sag tizlige çykmak üçin, degişlilikde, benzin we gibrid görnüşleri üçin 8,9 we 7,2 sekunt gerek.
Enjamda ýedi sany howpsuzlyk ýassygy we sürüjiniň kömekçileri toplumy, goşa zolakly howa-gözegçilik, 7 we 12,3 dýuým ekranly media ulgam we alty sany dinamik, öňdäki oturgyçlary gyzdyryjy, ýagtylyk we ýagyş datçikleri, simsiz zarýad beriji we açarsyz giriş ulgamy bar. Şeýle-de bolsa, esasy wersiýanyň içi mata bilen bezeler.
Has köne wersiýalary eko deri bilen bezelip, oturgyçlary ýelejirediji, ionizatorly üç zolakly howa-gözegçiligi, töwerekleýin görkezýän kameralar, ýatly elektrik sazlaýjy we 12,3 dýuýmlyk gural paneli bilen enjamlaşdyrylan.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......