Täze Toyota Land Cruiser 250 resmi taýdan Gazagystanda satylyp başlandy

  • 24.05.2024 07:35
  • 17k+

Täze nesil Toyota Land Cruiser Prado diýlip hem tanalýan, Toyota Land Cruiser 250 awtoulaglary resmi taýdan Gazagystanda satuwa çykaryldy.

Ýaponiýada şeýle awtoulagyň iň ýokary bahasy 7,850 000 ýena (takmynan 50.2 müň dollar).
Täze Land Cruiser Prado 281 at güýjüni öndürýän 2,4 litrlik hereketlendiriji, 8 basgançakly awtomatiki herekete geçiriji guty bilen enjamlaşdyrylandyr.
Gazagystanda awtoulaglaryň esasy wersiýasy 163 at güýjüni öndürýän ýönekeý 2,7 litrlik benzinli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol 6 basgançakly doly geçirişli “awtomat” bilen utgaşdyrylandyr. Şeýle awtoulagyň bahasy 31,5 million teňňe (71,3 müň dollar). Toplumda 9 dýuým ekranly, şemalladylýan we gyzdyrylýan öňdäki oturgyçlar we elektropriwodly goýulýan ýeri bolan media ulgam bar.
204 at güýjüni öndürýän 2,8 litrlik turbodizelli şuňa meňzeş awtoulag has gymmatdyr. Ýokary derejede enjamlaşdyrylan we tegelek faralar bilen üpjün edilen Fisrt Edition-yň bahasy 45 million teňňedir (101 müň dollar).


şu gün 14:05
2.6k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

şu gün 08:16
2.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......