Toyota 36 990 ýewrodan 2025-nji ýylyň Corolla Cross ulagyny satyp başlady

  • 16.08.2025 23:28
  • 7.2k+

Toyota 36 990 ýewro (43,2 müň dollar) baha bilen 2025-nji ýylyň täzelenen Corolla Cross krossoweri üçin sargyt kabul edip başlady. Awtomobil üýtgedilen daşky görnüşe, kämilleşdirilen salona we täze GR Sport wersiýasyna eýe boldy.

Daşyndan öňdäki bamper we radiator gözenegi, yzky çyralar we logotip üýtgedildi. Salonda merkezi konsol täzelendi, süýşýän tirseklik goşuldy we smartfonlar üçin aýratyn ýer peýda boldy.
Adaty Comfort üpjünçiligine 12,3 dýuýmlyk sanly enjam paneli, 10,5 dýuým ekranly multimediýa ulgamy, iki zolakda klimat-gözegçilik, kamera, oturgyçlary gyzdyrmak ulgamy we howpsuzlyk ulgamlarynyň toplumy girýär.
Model 140 a.g. kuwwatly 1,8 litrlik hereketlendirijiniň we 180 a.g. kuwwatly 2,0 litrlik hereketlendirijiniň esasynda gibrid enjamlar bilen hödürlenýär. Öňdäki ýa-da yzky herekete getiriji, şol sanda Snow Extra režimi bilen elýeterli.
GR Sport wersiýasynyň bahasy 43 490 ýewro (50,8 müň dollar) barabar. Ol peseldilen asgyç (podweska), rul dolandyryşynyň üýtgedilen sazlamalary, 19 dýuýmlyk tigir diskleri we GR logotipli salon bezegi bilen tapawutlanýar.


07.06.2026 19:49
2.7k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.1k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

04.06.2026 14:32
3.1k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....