Gazagystanda 28,9 müň dollardan täzelenen Hyundai Tucson-yň önümçiligi başlandy

  • 10.09.2024 22:38
  • 6.7k+

Gazagystanda Hyundai Tucson krossoweriniň täzelenen görnüşi çykarylyp başlandy. Auto.ru-nyň habar bermegine görä, awtoulaglar “Astana Motors” kompaniýasynyň bir bölegi bolan Hyundai Trans Kazakhstan kärhanasynda ýygnaldy.

Täze awtoulagyň bahasy 14.49-18,99 million teňňe (28,9-39,3 müň dollar) aralygynda üýtgeýär.
Model iki sany benzin hereketlendirijisi bilen elýeterlidir: 2,0 litrlik (150 at güýji) we 2,5 litrlik (190 at güýji). Alyjylar 6 tizlikli ýa-da 8 tizlikli awtomatiki geçirişli görnüşlerini saýlap bilerler.
Awtoulag N-Line sport görnüşini goşmak bilen, bäş sany bezeg derejesinde elýeterlidir. Esasy wersiýasy ähli tigri hereketli görnüşi öz içine alýar we diňe iki litrlik hereketlendirijiler bilen hödürlenýär, 2,5 litrlik hereketlendirijili has güýçli wersiýalarynyň bahasy bolsa 16,89 million tengeden (34,9 müň dollar) başlaýar.
Hyundai Tucson Gazagystanda iň meşhur awtoulaglaryň biri bolmagynda galýar we Hyundai brendi bolsa ýerli bazarda öňdebaryjy orny eýeleýär.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....