18-nji maýda Aşgabatda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçiriler

  • 13.04.2024 09:46
  • 4.8k+

18-nji maýda Aşgabatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Maslahata görülýän taýýarlyk barada wise-premýer N.Amannepesow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahaty geçirmek boýunça taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Maslahata ýurdumyzyň alymlary, professor-mugallymlary, ýaş alymlary bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) wekilleriniň, şeýle hem dünýäniň 34 döwletinden alymlaryň, magtymgulyşynaslaryň işjeň gatnaşmaklaryna garaşylýar.


düýn 23:37
1.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.6k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......