“Çokundyran ata” filminiň režissýory Kann festiwalynda täze epiki filmini hödürleýär

  • 13.04.2024 14:55
  • 3.6k+

Režissýor Frensis Ford Koppolanyň 1980-nji ýyllardan bäri üstünde işlän epiki ylmy-fantastiki filmi bolan “Megalopolis” 77-nji Kann festiwalynyň esasy bäsleşigine saýlandy. Býujeti 120 mln dollar bolan bu filmi Koppolanyň özi maliýeleşdirdi. Bu onuň soňky 13 ýylda ilkinji işidir.

“Megalopolisiň” sýužeti geljegiň Nýu-Ýorkuny dünýäniň utopik merkezine öwürmäge synanyşýan binagär Serž (Adam Draýwer) barada gürrüň berýär. Gahryman bäsdeşini ýok etmek üçin ähli zada taýýar bolan şäher häkimi Frenk Siseron (Jankarlo Espozito) bilen bäsleşmeli bolýar.
Şeýle-de, filmde Obri Plaza, Şaýa LaBaf, Forest Uitaker, Natali Emmanuel, Jon Woýt, Dastin Hoffman we beýlekiler çykyş etdi.
Kann kinofestiwalynda “Megalopolisiň” premýera görkezilişi 17-nji maýda bolar. Filmiň distribýutorynyň ýoklugy sebäpli, onuň kinoteatrlarda haçan çykjakdygy heniz belli däl.
Belläp geçsek, Koppola “Gürrüň” we “Apokalipsis şu gün” filmleri üçin iki gezek festiwalyň baş baýragyny – “Altyn palma şahasyny” aldy.
Şu ýyl Kann festiwaly 14-nji maýdan 27-nji maý aralygynda geçiriler. Bäsleşigiň emin agzalaryna Greta Gerwig (“Barbi”) ýolbaşçylyk eder. 


şu gün 08:26
3.1k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
953

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....