77-nji Kann kinofestiwalynyň programmasy yglan edildi

  • 12.04.2024 16:01
  • 3.4k+

Parižde 2024-nji ýylyň 14-nji maýyndan 27-nji maý aralygynda geçiriljek 77-nji Kann kinofestiwalyna gatnaşyjylaryň atlary yglan edildi. Esasy bäsleşige 19 film girdi, olaryň arasynda Frensis Ford Koppola, Kirill Serebrennikow, Pol Şreder, Szýa Çžanke, Ýorgos Lantimos, Dewid Kronenberg, Žak Odiar we Paolo Sorrentino ýaly režissýorlaryň işleri bar.

Şu ýyl festiwalyň emin agzalaryna “Hanym Berd” we “Kiçijik zenanlar” filmleri bilen tanalýan amerikaly aktrisa we režissýor Greta Gerwig ýolbaşçylyk eder. Kinofestiwaly Kwentin Dýupýeniň “Ikinji akt” komediýasy açar.
Bäsleşikden daşary Jorj Milleriň “Furiosa: Telbe Maksyň hronikasy” blokbasteri, Kewin Kostneriň “Gözýetimler” westerni, Keýt Blanşett bilen “Myş-myşlar”, Nikolas Keýj bilen “Sýorfer” filmleri we beýlekiler görkeziler.
Kinematografa goşan goşandy üçin hormatly “Altyn palma şahasyny” “Ýyldyz söweşijilerini” dörediji Jorj Lukas alar.

Esasy bäsleşigiň filmleriniň sanawy:

  • - “Anora” – rež. Şon Beýker
  • - “Ýagşylygyň görnüşleri” (Kinds of Kindness) – rež. Ýorgos Lantimos
  • - “Ýagtylyk hökmünde göz öňüne getirýän zatlarymyzyň ählisi” (All We Imagine as Light) – rež. Paýal Kapadia
  • - “Grand-tur” (Grand Tour)  – rež. Migel Gomiş
  • - “Iňňeli gyz” (The Girl With the Needle) – rež. Magnus fon Horn
  • - “Ýabany brilliant” (Wild Diamond) – rež. Agat Ridinger
  • - “Limonow, Eddi hakda ballada” (Limonov, the Ballad of Eddie) – rež. Kirill Serebrennikow
  • - “Megalopolis” (Megalopolis) – rež. Frensis Ford Koppola
  • - “Meniň Marçellom” (Marcello Mio) – rež. Kristofer Onore
  • - “Motel Destino” (Motel Destino) – rež. Karim Aýnuz
  • - “Oh, Kanada”– rež. Pol Şreder
  • - “Daşgyn bilen gurşalan” (Caught by the Tides)  – rež. Szýa Çžanke
  • - “Parfenopa” (Parthenope) – rež. Paolo Sorrentino
  • - “Guş” (Bird) – rež. Andrea Arnold
  • - “Döwlen ýürekler” (Beating Hearts / L’Amour Ouf) – rež. Žil Leluş
  • - “Kepenler” (The Shrouds) – rež. Dewid Kronenberg
  • - “Substansiýa” (The Substance) – rež. Karoli Faržea
  • - “Şägirt” (The Apprentice) – rež. Ali Abbasi
  • - “Emiliýa Peres” – rež. Žak Odiar

şu gün 10:41
87

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
3.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.6k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....