Türkiye Aýda stansiýa döretmekde Russiýa bilen Hytaýa goşulýar

  • 10.04.2024 22:34
  • 6.7k+

Türkiýe Russiýa we Hytaý tarapyndan durmuşa geçirilýän Halkara ylmy Aý stansiýasy (ISS) taslamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutdy. Muny Russiýa Ylymlar akademiýasynyň kosmos gözleg institutynyň müdiri Anatoliý Petrukowiç yglan etdi diýip, Naked Science ýazýar.

Şeýlelik bilen, Türkiýe NASA-nyň ýolbaşçylygyndaky “Artemida” Aý gözleg maksatnamasynyň bu taslamasyny goldaýar.
Petrukowiçiň sözlerine görä, ýakyn ýyllarda Aý stansiýasyndaky halkara hyzmatdaşlyk diňe bir kagyz ýüzünde däl, eýsem, hakyky kosmos gämilerinde hem öz beýanyny tapar.
2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda Türkiýäniň Senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr ýurduň Aýa pilotsyz kosmos gämilerini ibermek baradaky ägirt uly meýilnamalaryny hödürledi. Bu missiýalar ýakyn on ýylda amala aşyrylmaly.


düýn 10:51
796

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.2k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 20:08
4.6k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....