Russiýaly alymlar körler üçin “elektron gözleri” döretmegiň üstünde işleýärler

  • 09.04.2024 05:28
  • 7.2k+

Russiýaly alymlar “elektron gözleri” döretmegiň üstünde işleýärler, olaryň kömegi bilen görşüni ýitiren adamlar obýektleriň suduryny saýgaryp bilerler. Tehnologiýa iki kameradan, beýnä ýerleşdirilen çipden we daşarky halkadan ybarat ulgam.

Enjam obýektleriň sudurlaryny saýgarmaga, adamlary kesgitlemäge, giňişlikde ýöremäge we ugur tapmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de bolsa, okamak we ýokary takyklygy talap edýän beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek üçin emeli aňyň kömegi gerek bolar.
Işläp düzüjiler entek işläp üstüni ýetirmeli zadyň köpdügini bellediler. Enjamy ulanmak üçin oňaýly, suw geçirmez ýaly etmek zerur.
Tehnologiýa eýýäm haýwanlarda synagdan geçirildi, ýöne lukmançylyk ygtyýarnamasyny almak üçin azyndan birnäçe ýyl gerek bolar. Mundan başga-da, onuň bahasy ilkibadalar gymmat bolar. Şeýle-de bolsa, işläp düzüjiler enjam köpçülikleýin öndürilip başlansa, hemmeler üçin elýeterli bolar diýip umyt edýärler.
Eger primatlarda gaýtadan geçiriljek synag enjamyň netijelidigini tassyklasa, soňraky synaglar üçin adamlaryň fokus topary jemlener. Döredijiler görşüni ýitiren we synaga gatnaşmak isleýän adamlardan eýýäm ýeterlik mukdarda arzalary aldylar.
Şuňa meňzeş işläp taýýarlamalaryň üstünde  beýleki ýurtlarda-da işlenýär. Şeýlelik bilen, Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy dogabitdi körlere-de birnäçe ýylyň içinde görşüni dikeltmegi wada berýär. Çipler kör maýmynlarda eýýäm üstünlikli synag edildi, olaryň hiç biri-de aradan çykmady ýa-da enjam sebäpli agyr şikes almady. Durulygyň ilki pes boljakdygy, ýöne ahyrky netijede, hatda adaty görüşden hem ýiti bolup biljekdigi bellendi.


20.02.2026 18:09
2.1k+

Baktériýadan hem kiçi QR-kod döredildi: göze görünmeýän rekord

Alymlar dünýäde iň kiçi QR-koduny döretdiler. Ol eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.  Koduň ölçegi öňki hasaba alnan rekordyň üçden bir bölegi ýaly, şonuň üçin ony adaty göz bilen görjek gümanyň ýok. «Biziň döreden gurluşymyz şeýle bir inçe welin, ony optiki mikroskoplaryň kömegi bilenem görüp bolmaýar» diýip, professor Pol Maýrhofer düşündirdi...

17.02.2026 09:29
4.1k+

Beýik Britaniýada elektrik toguny simsiz geçirmek synag edilýär

Beýik Britaniýada elektriki energiýasyny hiç hili simsiz geçirmek boýunça täze taslama badalga berildi. Wireless Power Transmission diýlip atlandyrylýan bu taslama, adaty elektrik ulgamlaryny we kabelleri simsiz ulgamlar bilen çalşyp boljakdygyny ýa-da olary bar bolan infrastruktura bilen bilelikde ulanyp boljakdygyny öwrenýär...

14.02.2026 17:27
3.3k+

NASA üçünji «ganatly» uçary synagdan geçirdi: ol ýangyç sarp edilişini peseldýär

NASA aerodinamiki garşylygy gowşatmak we ýangyjy az sarp etmek maksady bilen ýasalan CATNLF ganatynyň uly göwrümli modeliniň ilkinji uçuş synagyny geçirdi. Synag 29-njy ýanwarda Kaliforniýadaky NASA-nyň Armstrong adyndaky barlag merkezinde amala aşyrylsa-da, bu barada resmi taýdan diňe häzir habar berildi...

13.02.2026 10:25
1.2k+

Hytaý kosmosda ilkinji gezek «beýni—kompýuter» interfeýsini synagdan geçirdi

Hytaý alymlary dünýäde ilkinji gezek orbitada simsiz oturdylýan «beýni-kompýuter» interfeýsiniň (BCI) işini synagdan geçirendiklerini habar berdiler. Bu synagyň maksady — şeýle tehnologiýanyň kosmos şertlerinde işlemek ukybynyň näderejededigini anyklamakdan ybarat...