Alymlar sütün öýjüklerini ulanyp, ysmaz keselini bejermekde üstünlik gazandylar

  • 06.04.2024 05:24
  • 4.3k+

Kliniki synaglar oňurga ýiligi şikes alandan soň, sütün öýjükleriniň onuň işini dikeltmäge kömek edip biljekdigini görkezdi. Bu barada Nature žurnalynyň makalasynda aýdylýar.

Meýo klinikasynda geçirilen kliniki synagyň birinji tapgyry, oňurga ýiliginiň şikesini bejermek üçin sütün öýjükleri terapiýasynyň howpsuzdygyny we netijelidigini görkezdi. Bu gözlege gatnaşan 10 hassanyň 7-sinde el-aýaklaryň duýgurlygy we hereket funksiýalary gowulaşdy.
Sütün öýjükleri hassalaryň öz ýag dokumasyndan - garyndan ýa-da butdan kesilip alyndy. Dört hepdäniň dowamynda öýjükler iýmitlendirilip köpeldildi, şondan soň her näsagyň bil oňurgasyna 100 million sütün öýjüklerinden ybarat sanjym edildi.
Gözlegiň dowamynda alymlar bejergiden hiç hili zyýanly täsir tapmadylar. MRT we oňurga ýiliginden alnan suwuklygyň derňewi oňyn üýtgeşmeleri görkezdi.
Oňurga ýiliginiň özüni bejermek ukyby çäklidir, şonuň üçin bu usul şikesleri bejermekde edilen uly ädimdir.
Aýratynam, boýunoňurgasy şikes alan iki hassanyň şikes alandan 22 aý geçensoň alan bejergisiniň gowy netije berendigi hasam gyzyklydyr.
Sütün öýjükleriniň oňurga ýiligine täsir ediş mehanizmi entek doly öwrenilmedik hem bolsa, gözlegiň netijeleri agyr zeper ýeten adamlara umyt döredýär.
Geljekde alymlar has köp hassany we plasebo alýan gözegçilikdäki topary öz içine aljak synaglaryň ikinji tapgyryny geçirmegi meýilleşdirýärler.


09.06.2026 23:14
6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....