Gurbanguly Berdimuhamedow täjik parlamentiniň aşaky palatasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 05.04.2024 18:01
  • 6.3k+

5-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň jemleýji gününde Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namaýondagan Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşdy. Onda düýn geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň netijelerini nazara alyp, parlament ugurly türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň barşynda bu duşuşygyň parlamentara gatnaşyklar ýaly möhüm ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşmak üçin amatly mümkinçilik bolup durýandygy bellenildi. Şunda ýokary derejede emele gelen açyk, oňyn hem-de ynanyşykly syýasy gepleşikleriň döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň wajyp şerti bolup durýandygyna üns çekildi.
Duşuşykda iki ýurduň parlamentleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň halkara ugruna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, dürli ulgamlarda iki döwletiň oňyn başlangyçlaryny ilerletmek üçin türkmen we täjik parlamentarileriniň Parlamentara Birleşigiň, ÝHHG-niň we GDA-nyň Parlamentara Assambleýalarynyň, beýleki halkara we sebit düzümleriniň meýdançalaryny netijeli peýdalanmaklarynyň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Şunda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň çägindäki hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Bilelikdäki işiň şeýle görnüşleri türkmen we täjik deputatlarynyň tejribelerini baýlaşdyrmakda, kanun çykaryjylyk hem-de hukuk ulanyş iş tejribesini kämilleşdirmekde täzeçil başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açar diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......