14 ýyl mundan ozal ilkinji iPad çykdy. Apple bazara nobatdaky gezek nädip täsir etdi

  • 05.04.2024 11:53
  • 5.4k+

Bazara ilkinji iPad planşetiniň çykan wagtyndan bäri 14 ýyl geçdi. Gurluşyň anonsy 2010-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda boldy, ABŞ-da satuwlar bolsa şol ýylyň 3-nji aprelinde başlandy. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Planşetler iPad-den öň hem bardy, ýöne olar uly, oňaýsyz we barmak bilen dolandyrmak üçin amatly däldi. Apple bolsa düşnükli interfeýsli inçe, ýeňil planşeti hödürledi, bu hem täze bazaryň döremegine sebäp boldy.
Ilkinji 80 günde Apple 3 mln gurluş satdy, iPad 2-niň çykan wagtyna çenli satuwlar 15 mln planşetden geçdi.
Häzirki günde Apple planşet bazarynda gürrüňsiz öňdebaryjy bolmagyny dowam edýär. 2023-nji ýylyň jemi boýunça kompaniýa bazaryň 40,6%-ini eýeläp, ýakyn bäsdeşi Samsung-dan iki esse diýen ýaly öňe geçdi.
iPad-yň üstünligi innowasion dizaýn, ykjam interfeýs, şeýle-de programmalaryň giň toplumy ýaly birnäçe faktorlar bilen baglanyşyklydyr – Apple App Store ýörite iPad üçin işlenip taýýarlanan köp sanly programmamy hödürleýär. Şeýle-de, planşet güýçli ekoulgamy bilen tapawutlanýar, iPad beýleki Apple gurluşlary bilen birleşýär, bu hem ony işlemek we döredijilik üçin amatly edýär.
14 ýylyň içinde iPad uzak ýol geçdi. Häzir iPad-yň islendik islege we baha görä modelleri köp. Gurluş iş, okuw, güýmenje we döredijilik üçin ulanylýar.


21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....