Transplantasiýa etmek üçin 3D printerde gulak çap edildi. Onuň hakyky gulakdan tapawudy ýok

  • 04.04.2024 15:06
  • 7k+

Kornell uniwersitetiniň alymlary hakyky gulakdan asla tapawutlanmaýan 3D gulak transplantatlaryny çap etmegiň usulyny oýlap tapdylar. Science Direct-e salgylanýan Hi-Tech-iň habar bermegine görä, bu ýasama gulaklary dogabitdi gulak kemçiligi bilen doglan ýa-da gulak ýelkenine şikes ýeten adamlar ulanyp biler.

Transplantatlar 3D printerinde çap edilen plastmassa karkaslara ýerleşdirilen sterilizasiýa edilen haýwan kekirdewüginden ýasalýar. Karkas hassanyň gulagynyň şekilinde bolup,  onuň anatomiki aýratynlyklaryna takyk laýyk gelýär. Kekirdewük  täze dokumalaryň döremegine itergi berýär, netijede birnäçe aýyň içinde doly bahaly gulak ýelkeni döreýär.
Synaglar emeli gulaklaryň adam kekirdewügine meňzeş çeýelige we maýyşgaklyga  eýedigini görkezdi. Ýeke-täk kemçiligi – berkligi pes. Bu meseläni çözmek üçin alymlar kekirdewük garyndysyna kekirdewügi has berk etjek elastini bölüp çykarýan öýjüklere hondrositleri goşmagy meýilleşdirýärler.
Täze tehnologiýa, köplenç, rekonstruktiw gulak operasiýasynda ulanylýan gapyrgalardan kekirdewügi ýygnamak üçin inwaziw proseduralardan gaça durmaga mümkinçilik berer. Gulak transplantatlarynyň 3D çap edilmegi gulak kemçiligi bolan adamlar üçin has ygtybarly we has täsirli bejeriş usulyna öwrüler.


düýn 10:31
5.4k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......