Onýyllyklardan soň ilkinji gezek täze antibiotikler tapyldy

  • 01.04.2024 17:55
  • 6.6k+

ABŞ-nyň Wanderbilt uniwersitetiniň alymlary onýyllyklardan soň ilkinji gezek antibiotikleriň täze toparyny tapdylar. Bu barada ACS Infectioushoods žurnalynda çap edilen makalada habar berilýär.

Gözlegçiler triazaasenaftilen antibakterial dermanlaryň toparynda ilkinji bolan gepotidasiniň peşew ýollarynyň ýokançlyklaryna sebäp bolýan, dermanlara durnukly Escherichia coli aşgazan taýajyklaryna garşy hereket mehanizmini seljerdiler. Molekulýar nyşanalar antibiotiklere garşy durnuklylygyň esasyny düzýän giraz we topoizomeraz fermentleridi.
Giraz we topoizomeraz dürli öýjükli amallar wagtynda goşa spirali açmak üçin zerur bolan DNK-da wagtlaýyn iki hatar arakesmeleri girizýär. Gepotidasiniň iki fermente-de ikitaraplaýyn täsir edýändigi görkezildi, netijede iki hatar DNK döwülmän, bir hatar bolýar.
Netijeler gepotidasiniň çylşyrymly peşew ýollarynyň ýokançlyklaryny bejermek üçin täsirli we ygtybarly agyzdan kabul edilýän antibiotikidigini görkezýär.


şu gün 08:10
1.5k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
2.9k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......