12 sany agtygy bolan 58 ýaşly ene 4,5 sagat plankada durup, dünýä rekordyny täzeledi

  • 31.03.2024 10:17
  • 35k+

Kanadadan 58 ýaşly bir ene 4,5 sagat plankada durup, aýallaryň rekordyny täzeledi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynda habar berilýär.

Donna-Jin Waýld atly aýalyň 12 sany agtygy bar. Olaryň ählisi rekordyň hasaba alynýan mahaly ene-atalary we atasy bilen bilelikde ony goldamak üçin ýygnanyşdylar. Donna-Jin Waýld köp ýyllap mekdep mugallymy bolup işledi, ýakynda bolsa pensiýa çykdy. 12 ýyl mundan ozal ol goşaryny döwüp, sport bilen işjeň meşgullanyp bilmedi. Ýöne ol plankada durup biljekdigine göz ýetirip, bu maşka üns berip başlady. Häzir ol adaty gündelik maşk hökmünde her gün 2-3 sagat planka bilen meşgullanýar.
Netijede, ol Ginnesiň rekordyna dalaş etmek kararyna geldi, bu synanyşykda esasy ruhlandyryjy we guramaçy onuň ýoldaşy Rendi boldy.
Rekord eýesi bu synanyşygyň aňsat bolmandygyny we soňky 30 minutda “dem almaga, rahatlygy saklamaga we titremezlige” ünsi jemländigini aýtdy.

“Rekordy üstünlikli goýmak üçin, dalaşgäriň bilekleri we aýagynyň barmaklary tutuş wagtyň dowamynda ýere degmeli. Bedeniň galan bölegini ýerden galdyrmaly we göni saklamaly” – diýlip, Ginnesiň kitabynyň saýtynda aýdylýar.

Donna-Jin Waýld plankada 4 sagat 30 minut 11 sekunt durdy, bu 2019-njy ýylda kanadaly Dana Glowaka tarapyndan goýlan rekorddan 10 minut uzakdyr. Häzirki wagtda erkekleriň arasynda plankada dünýä rekordy 9 sagat 38 minut 47 sekunta barabar, ony geçen ýyl Çehiýadan Ýozef Şalek goýdy.


11.06.2026 10:59
7.1k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5.2k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....