Iňlis hökümeti režissýor Kristofer Nolany rysarlyk baýragy bilen sylaglar

  • 30.03.2024 11:44
  • 5.2k+

“Başlangyç”, “Intersteller” we “Dýunkerk” filmleri bilen tanalýan iňlis kinorežissýory Kristofer Nolan kinematografiýada görkezen hyzmatlary üçin rysar-bakalawry bolar. Bu barada Beýik Britaniýanyň hökümetiniň resminamalaryna salgylanýan The Daily Mirror gazeti habar berdi.

53 ýaşly Nolanyň adynyň öňüne hormatly "ser" derejesi goşular, aýaly prodýuser Emma Tomas bolsa Britan imperiýasynyň ordeniniň komandor-hanymy diýen adyna eýe bolar.
“Oskar” baýragynyň 96-njy gowşurylyş dabarasynda Nolanyň “Oppengeýmer” filmi ýedi baýraga, şol sanda “Iň oňat film” we “Iň oňat režissura” baýraklaryna mynasyp boldy. Baş keşbi ýerine ýetiren Kilian Merfi iň oňat aktýor diýlip ykrar edildi.
Nolan “Oppengeýmerden”, takmynan, 100 million dollar girdeji gazandy, şol sanda gonorar, kassa ýygymlarynyň göterimini we “Oskardaky” ýeňşi üçin bonus aldy. Häzir ol täze filmiň üstünde işleýär.


düýn 23:53
1.1k+

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....