Xiaomi elektrik awtoulagynyň bahasyny mälim etdi

  • 28.03.2024 13:46
  • 8.4k+

Hytaýyň Xiaomi korporasiýasy ilkinji awtoulagynyň iň ýokary bahasyny kesgitledi. Kompaniýanyň baş direktory Leý Szýun Xiaomi-niň maksadynyň iň kuwwatly, akylly we aňsat sürülýän awtoulag çykarmakdygyny aýtdy. Xiaomi Speed Ultra 7 (SU7) ulagynyň iň ýokary bahasy 500 müň ýuan ýa-da takmynan, 69 müň dollar bolar.

Bar bolan maglumatlara görä, 25-nji martda, duşenbe güni hytaý awtoulag satyjylary awtoulaglaryň ilkinji tapgyrlaryny aldylar we sergi otaglarynda görkezip başladylar. Leý Szýunyň korporasiýasy SU7-niň funksiýalaryna gözegçilik etmek üçin döredilen onlaýn dükanlarda Xiaomi Car mobil programmasyny paýlaşdy.
Xiaomi-niň mart aýynyň ahyryna çenli elektrik awtoulagynyň ähli bahalaryny aýan etmegine garaşylýar, şol wagt korporasiýa modeller üçin sargytlary kabul edip başlar. Xiaomi Speed Ultra 7 bir zarýadda geçýän aralygy 668 we 800 kilometre barabar bolan iki nusgada çykar.


26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....