Ýewropa Komissiýasy Alphabet, Apple, Meta kompaniýalaryna garşy derňew işine başlady

  • 29.03.2024 21:11
  • 3.4k+

Ýewropa Komissiýasy ÝB-niň sanly bazarlar baradaky kanunynyň, ähtimal, bozulmagy sebäpli Alphabet, Apple we Meta kompaniýalaryna garşy ilkinji derňew işine başlady. Bu barada ÝK-nyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Resminamada bellenilişi ýaly, Ýewrokomissiýa Alphabet we Apple tarapyndan programmalar bilen baglylykda kabul edilen çäreleriň Ýewropanyň kanunyny bozýandygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak isleýär. ÝK kompaniýalaryň düzgünleriniň talaplara doly laýyk gelýändigine şübhelenýär we olar programmalary işläp düzüjileriň işine päsgel berip biler diýip pikir edýär.
Ýewrokomissiýa derňew işini 12 aýyň dowamynda tamamlamagy göz öňünde tutýar. Düzgün bozulma ýüze çykarylsa, Ýewrokomissiýa kompaniýanyň umumy global dolanyşygyndan 10%-e çenli jerime salyp biler. Şeýle jerimeler gaýtalanan ýagdaýynda 20%-e çenli hem ýetip biler.
Şeýle-de, Ýewrokomissiýa kompaniýany biznesi ýa-da onuň bölegini satmaga borçlandyrmak ýa-da täze aktiwleri satyn almagy gadagan etmek ýaly goşmaça çäreleri-de görüp biler.


12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

09.06.2026 12:01
1.9k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
3.2k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

29.05.2026 16:32
1.5k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......