Apple bildirişden öň iOS 26-nyň dizaýnyny syzdyrandygy üçin belli blogeri kazyýete berýär

  • 21.07.2025 13:57
  • 7k+

Apple kompaniýasy bloger Jon Prosseriň üstünden iOS 26 ulgamy baradaky gizlin maglumatlary bikanun peýdalanmakda, “Kompýuter kezzapçylygy we ondan hyýanatçylykly peýdalanmak hakyndaky  kanuny” bozmakda we täjirçilik  syryny emele getirýän maglumatlary ýaýratmakda aýyplap, kazyýet arzasyny berdi.

2025-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, Prosser öz YouTube kanalynda iOS 26 (şol wagt ol iOS 19 diýlip atlandyrylýardy) barada materiallary çap edýär, şol sanda täzelenen “Kamera” programmasynyň täzeçe dizaýn edilmegi baradaky we soň Liquid Glass diýlip atlandyrylan interfeýsi görkezýän wideolary hem ýaýradýar. Apple bu maglumatlaryň bikanun alnandygyny tassyklaýar.
Arzada aýdylyşyna görä, Prosser Apple-iň işgäri Itan Lipnige degişli we işläp taýýarlama tapgyryndaky iPhone-y döwen Maýkl Ramaççottiden maglumat alypdyr. Ramaççotti enjamyň eýesiniň ýok wagtyny peýläp, yzarlaýyş ulgamyny ulanmak bilen, telefona giripdir we ondaky maglumatlary Prosserä wideo jaňda görkezipdir.
Apple Prosseriň syzdyrylan maglumat üçin pul baýragyny hödürländigini, ekrany ýazga alandygyny we wideoýazgylary YouTube-da paýlandygyny aýdýar. Bir tomaşaçynyň wideodan Lipnigiň öýüni tanandygy, aýdylyşyna görä, bu wakany diňe işden çykarylandan soň eşidendigi aýdylýar.
Kompaniýa materiallaryň mundan beýläk ulanylmagynyň gadagan edilmegini, ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny we jerime salynmagyny talap edýär. Prosser hem öz gezeginde enjama girmändigini, maglumatlaryň nädip alnandygyny bilmeýändigini we olary almagy meýilleşdirmändigini tekrarlaýar.


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....