Türkmen parlamentarileri Ženewada iş saparynda boldular

  • 26.03.2024 09:53
  • 6.5k+

23-24-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 148-nji Assambleýasyna gatnaşmak maksady bilen, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berilýär.

Saparyň çäklerinde 23-nji martda Türkmenistanyň wekiliýeti gender syýasatynyň ugurlaryna we durnukly parahatçylygy üpjün etmekde parahatçylyk dörediji zenanlaryň ornuna bagyşlanan Zenan parlamentarileriň forumyna gatnaşdy.
Forumyň işinde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek we zenanlaryň mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy babatda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýan işleriň netijeliligi barada belledi.
Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça 2021 – 2025-nji ýyllarda hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi barada aýratyn bellenildi. 


Şol gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Parlamentara Bileleşigiň Başlygy Tulia Akson bilen duşuşygy guraldy.
Möhüm çärä çakylyk we onuň işine gatnaşmaga mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapy Türkmenistan bilen Parlamentara Bileleşigiň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýratyn belledi. 
Parlamentara Bileleşigiň Başlygy öz gezeginde Türkmenistanyň zenan parlamentarileriniň milli Parlamentiň düzüminde we halkara giňişliginde işjeňligine ýokary baha berdi. 
Parlamentara Bileleşigiň Başlygynyň şol bir wagtda Tanzaniýanyň Parlamentiniň wekili bolmak bilen, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirmegi ünsi çekdi. 
Bu babatda türkmen tarapy Tanzaniýanyň wekiliýetini Türkmenistanda kabul etmäge taýýardygyny mälim etdi. 


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....