Samsung Apple Vision Pro bilen bäsleşjek Galaxy Glass äýnegini işläp düzýär

  • 25.03.2024 13:35
  • 6.7k+

Samsung kompaniýasy Apple Vision Pro enjamy bilen bäsleşip biljek Galaxy Glass goşmaça hakykat äýnegini işläp düzýär. Bu barada GizmoChina neşiri höwesjeňler tarapyndan Patently Apple-da tapylan Samsung patentlerine salgylanyp habar berdi.

Galaxy Glass-iň patent çyzgylarynda äýnegiň tutawaçlarynyň düýbünde göterilýän gapdan zarýad almak üçin gerek bolan magnit birikdirijilerini görüp bolýar. Äýnegiň akkumulýatory gönüden-göni tutawaçlarda ýerleşip, Vision Pro ýaly daşarky güýç çeşmesine bolan zerurlygy aradan aýyrýar.
Patentde garyşyk we giňeldilen hakykat enjamlarynda köplenç ulanylýan kameralar ýa-da datçikler, komponentler agzalmaýar. Munuň syzdyrylan resminamalaryň aýratynlygy bilen baglanyşyklydygyna ynanýarlar – olar Galaxy Glass-iň dizaýnyny suratlandyrmaga we tanyşdyrmaga ünsi jemleýärler.
Syzdyrylan maglumatda äýnegiň göterilýän gabynyň iki görnüşi görkezilýär. Olaryň birinde enjamyň özüni görmek üçin aýna gapak göz öňünde tutulýar.
GizmoChina patentleriň bardygyna garamazdan, Galaxy Glass-iň öndüriljekdigi barada netije çykarmak üçin entek irdigini aýtdy. Samsung bir wagtlar garyşyk, giňeldilen ýa-da goşmaça hakykat enjamnyny döretmek barada pikir eden bolsa-da, bu pikiri şowsuz hasaplap, taslamany ýatyrypdy.


22.03.2026 04:18
2.1k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

22.03.2026 04:00
2.8k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.3k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...