Neuralink çipi oturdylan adam pikiriň güýji bilen X-de ilkinji ýazgysyny ýazdy

  • 25.03.2024 13:16
  • 9.5k+

Beýnisine Ilon Maskyň Neuralink neýrotehnologiýa kompaniýasynyň implanty ýerleşdirilen hassa Nolan Arbo pikiri arkaly X-de (öňki Twitter) ilkinji ýazgysyny ýazdy. Bu barada Mask X-de habar berdi.

«Twitter meni bot diýip hasaplandygy üçin gadagan etdi, ýöne X we Ilon Mask meni gaýtadan dikeltdi, çünki bu şeýle» diýlip, Arbonyň ýazgysynda bellenilýär.

Mask bu ýazgyny paýlaşyp, oňa: «Neuralink-iň Telepathy implanty ulanylyp, pikiriň kömegi bilen ýazylan taryhdaky ilkinji ýazgy» diýip teswir berdi.
29 ýaşly Nolan Arbo, takmynan, sekiz ýyl ozal heläkçilik netijesinde ysmaz bolup galandygyny, egninden aşagyny hiç hili duýmaýandygyny aýtdy. Indi ol pikiriniň güýji bilen noutbugyň ekranyndaky kursory hereketlendirip, küşt tagtasynda küştüň mallaryny düzüp bilýär. Arbonyň bellemegine görä, ol kompýuter oýunlaryny enjama zarýad bermek üçin arakesmeler bilen oýnaýar.
Ýanwar aýynyň ahyrynda Mask Neuralink implantynyň adam beýnisine üstünlikli ýerleşdirilendigini habar berdi. Onuň sözlerine görä, enjamyň netijelerine seretseň, ol köp zatlary wada berýär.
Neuralink startap kompaniýasy Mask tarapyndan 2016-njy ýylyň iýul aýynda döredilip, adamyň beýnisine ýerleşdirilip bilinjek çipleri işläp düzýär. Işewür şeýle neýrointerfeýsleriniň adamyň emeli aňa garşy durmaga ukyply kiborg bolmagyna mümkinçilik döretjekdigine, şeýle hem adamlara pikiriniň güýji bilen kompýuteri dolandyrmagy öwrenmäge kömek etjekdigine ynanýar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....