Kör adamlar görüp bilerler: Neuralink gözüň görşüni dikeldýän implanty taýýarlaýar

  • 23.03.2024 20:51
  • 10k+

Ilon Mask Neuralink neýrotehnologiýa kompaniýasynyň kör adamlara görmäge mümkinçilik berjek Blindsight implantyny işläp taýýarlaýandygyny habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

“Blindsight – Neuralink-iň Telepathy-dan soň indiki önümi. Blindsight implantynyň eýýäm maýmynlarda synagdan geçirilendigini bellemek gerek. Ilkibaşda şekilleriň durulygy Nintendo-nyň ilkinji grafiki oýunlary ýaly pes bolar, ýöne ahyrky netijede ol adaty adam görşünden ýokary bolup biler” – diýip, Mask X sosial ulgamynda ýazdy.

Öň, Mask Neuralink-iň hatda hiç haçan görmedik adamlaryň görşüni hem dikeldip biljekdigine ynanýandygyny aýdypdy.
Mundan öň kompaniýa implant oturdylan ilkinji hassanyň nähili küşt oýnaýandygyny görkezdi. 29 ýaşly Nolan Arbo 8 ýyl mundan ozal heläkçilikli hadysa sebäpli ysmaz bolandygyny, şol sebäpli egninden aşakda hiç zat duýmaýandygyny aýtdy. Indi ol pikiriň güýji bilen noutbuk ekranynda küşt tagtasyndaky mallaryň ýerini üýtgedip bilýär. Arbonyň aýtmagyna görä, ol kompýuter oýunlaryny gurluşyň zarýad almagy üçin arakesmeler bilen oýnaýar.
Neuralink 28-nji ýanwarda ilkinji gezek adam beýnisine implant oturtdy. 


düýn 10:34
1.5k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......