Brýusseldäki duşuşyklar: Türkmenistan we ÝB ynsanperwer ugurda, ykdysadyýetde we söwdada hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

  • 21.03.2024 21:45
  • 6.3k+

19-njy martda türkmen wekiliýetiniň Brýussele saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň abraýly wekilleriniň arasynda birnäçe duşuşyk geçirildi.

ÝB-niň adam hukuklary boýunça ýörite wekili Olof Skug bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan – ÝB Bilelikdäki komiteti we Adam hukuklary boýunça dialog ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň ähmiýetini bellediler. Meredow Skuga Türkmenistanda ynsanperwer ugurda alnyp barylýan çäreler, şeýle-de ýurduň adam hukuklary babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara komissiýasynyň işi barada habar berdi.
Şeýle-de, Meredow Ýewrokomissiýanyň ykdysadyýet boýunça ýerine ýetiriji wise-başlygy, söwda boýunça ýewrokomissar Waldis Dombrowskis, Ýewrokomissiýanyň wise-başlygy Margaritis Shinas, ÝB-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýewrokomissary Ýutta Urpilaýnen we Ýewroparlamentiň MA ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýetleriniň başlygy Tomaş Zdehowski bilen duşuşyklary geçirdi.
Taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumyny, şol sanda ykdysadyýet, söwda, ynsanperwer gatnaşyklar, bilim, ylym, ýaşyl ykdysadyýet we howa taslamalary ýaly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Dowamly hyzmatdaşlygyň dinamikasy we geljegi bellenildi. Täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirildi.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......