Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 19.03.2024 17:37
  • 20k+

19-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutany öz adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady diýip, TDH habar berýär.

"Siziň bu ýokary wezipä gaýtadan saýlanylmagyňyz Size bildirilen ýokary ynamyň we ýurduňyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryňyzyň ykrar edilmeginiň nyşany bolup durýar diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady we pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasyna öz Lideriniň parasatly ýolbaşçylygynda mundan beýläk-de gülläp ösmegi, Russiýanyň halkyna bolsa, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. 

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejededigini kanagatlanma bilen bellediler.
Serdar Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, rus kärdeşine Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlugyň pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlygyny beýan edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....