NASA-nyň alymlary dört aý synanyşykdan soň “Woýajer-1” bilen aragatnaşygy sazladylar

  • 18.03.2024 20:22
  • 5.2k+

NASA “Woýajer-1” bilen aragatnaşygy dikeltdi. 4 aý mundan ozal kosmos enjamy Ýere düşnükli ylmy maglumatlary ibermegi bes etdi, ýöne NASA-nyň hünärmenlerine näsazlygyň sebäbini anyklamak başartdy.

2023-nji ýylyň noýabr aýynda NASA-nyň iň “gadymy” kosmos enjamlarynyň biri bolan “Woýajer-1” bort kompýuterleriniň işinde näsazlyklar bilen ýüzbe-ýüze boldy. Ol Ýere durnukly radio signalyny ibermegini dowam etdirse-de, maglumatlar manysyz bir maglumatlar toplumydy.

1-nji martda NASA-nyň inženerleri “Woýajer-1” enjamyna täze buýruk setirini iberdiler we düşünmek başardan jogaby aldylar.

“Näsazlygyň çeşmesi bortdaky üç kompýuteriň biri, uçuş maglumatlarynyň kiçi sistemasy (FDS) bolmaly. Ol ylmy we inženerçilik maglumatlarynyň Ýere iberilmezden öň “gaplanmagyna” jogap berýär” – diýlip, kosmos agentliginiň habarynda aýdylýar.

“Woýajer-1” Ýerden 24 mlrd km-den gowrak uzaklykda ýerleşýär. Bu bolsa radio signallaryna kosmos enjamyna barmak we yza gaýtmak üçin 22,5 sagadyň gerekdigini aňladýar.

NASA-nyň işgärleri alnan maglumatlary öwrenmegi dowam etdirýärler. Olar bu meseläni gutarnykly çözmäge we “Woýajer-1-iň” kadaly işini dikeltmäge kömek eder diýip umyt edýärler.

“Woýajer-1” 1977-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda uçuryldy. Ol Gün sistemasynyň çäginden çykan ilkinji kosmos enjamy boldy.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....