Türkmenistanda Koreý adaty lukmançylygy merkeziniň açylmagy meýilleşdirilýär

  • 17.03.2024 23:18
  • 5k+

14-15-nji martda Seul şäherinde «Medical Korea 2024 - The 14th Global Healthcare and Medical Tourism» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Koreýa Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary A.Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Her ýyl geçirilýän lukmançylyk forumynyň bu gezekki mowzugy saglygy goraýyş we lukmançylyk syýahatçylygyna bagyşlandy. Maslahatyň işine dünýäniň dürli ýurtlarynyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejeli wekiliýetleri, alymlar hem-de bilermenler gatnaşdylar we bu ugurlarda bar bolan esasy wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministriniň orunbasary Kim He-jin bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ugry boýunça hyzmatdaşlygyň gün tertibinde duran meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Koreý lukmançylygynyň ösüş milli institutynyň (NIKOM) prezidenti Jong Çang Hýon bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanda açylmagy meýilleşdirilýän Koreý adaty lukmançylygy merkeziniň döredilmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler hem-de bu ugurda häzirki wagtda alnyp barylýan bilelikdäki işler barada pikir alyşdylar.
Şeýle-de saparyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Kýonbuk Milli uniwersitetiniň Çhilgok hassahanasynyň professory Kim Won Hwanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.


09.06.2026 23:14
5.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....