2023-nji ýylda Antarktidadaky buzuň meýdany soňky 45 ýyldaky iň pes derejesinde boldy

  • 16.03.2024 14:16
  • 9.6k+

1980-nji ýyllarda Antarktidanyň töweregindäki buzuň meýdany 3 million inedördül metre çenli kiçelýärdi. 2022/2023-nji ýylyň tomus möwsüminde Antarktidadaky buzuň umumy meýdany (Antarktidanyň tomsy senenamanyň gyş paslyna düşýär) 1,8 million inedördül metre deň boldy, bu soňky 45 ýyldaky iň pes görkezijidir. Bu barada Russiýanyň Arktika we Antarktika ylmy-gözleg institutynyň metbugat gullugy habar berýär.

«2023/2024-nji möwsüm deňizdäki buzuň meýdanynyň pes derejede bolan möwsümleriniň üçünjisi boldy» diýip, institutda bellediler.

Soňky 3 ýylda howa şertleriniň üýtgemegi bilen, yklymyň köp bölegi adatdakysyndan has ýyly boldy. Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň habaryna görä, Antarktidanyň buz örtügi 2011 – 2020-nji ýyllar aralygynda 2001 – 2010-njy ýyllardakydan 75% köp buz ýitirdi. Umuman aýdanyňda, bu gurama 2011-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli onýyllygy rekord derejesinde iň yssy diýip atlandyrdy.


09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

07.06.2026 17:05
9.2k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

07.06.2026 10:04
7.8k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....