Alymlar ukynyň dört görnüşini we olaryň saglyga täsirini aýtdylar

  • 18.03.2024 10:13
  • 22k+

Alymlar 3683 adamyň maglumatlaryny seljerip, ukynyň aýratynlyklaryny häsiýetlendirýän dört görnüşi ýüze çykardylar. Soňra olaryň her biriniň adam saglygyna uzak möhletleýin täsirini aýtdylar. Alymlar gözlegiň netijelerini Psychosomatic Medicine žurnalynda neşir etdiler. Şeýlelikde:

-          Ýeterlik ukusyny alýanlar. Şeýle adamlar gözlegiň bütin dowamynda we maglumatlary ýygnamak döwürleriniň arasynda iň kadaly uky tertibini berjaý etdiler, ýagny hepdede azyndan dört gün 7-9 sagat ýatdylar.

-          Dynç günleri ukusyny alýanlar. Gözlegiň bu gatnaşyjylary yzygiderli däl ýagdaýda we ortaça ýedi sagatdan az ýatdylar. Ýöne dynç günleri olaryň uky dowamlylygy kadaly wagta çenli ýokarlanýardy ýa-da dokuz sagatdan geçýärdi.

-          Ukusyzlykdan ejir çekýänler. Şeýle adamlarda ukusyzlygyň kliniki alamatlary, şol sanda ýedi sagatdan az uky, gündizine ýadawlyk we uklama bilen bagly kynçylyklar ýüze çykaryldy – uklamak üçin 30 minutdan köp wagt gerek bolýardy.

-          Ukusyny oňly almaýanlar. Gatnaşyjylaryň bu topary üçin, esasan, gowy uky häsiýetlidi, ýöne olar özüni gowy duýmak üçin günüň dowamynda dört gezekden köp uklamaly bolýardy.

Soňky iki topara gözlege gatnaşyjylaryň 77%-i degişli edildi. Şol bir wagtyň özünde gözleg ukusyzlygyň hroniki keselleriň, şol sanda ýürek-damar keselleriniň, süýji keseliniň we depressiýanyň ýüze çykmak howpuny 72-188% ýokarlandyrýandygyny görkezdi.

Makalanyň awtorlary gün tertibini üýtgetmegi ýa-da, iň bolmanda, uky gigiýenasyny berjaý etmegi: düşekde ykjam telefonlary ulanmazlygy, yzygiderli sport bilen meşgullanmagy, agşamyna kofe içmezligi maslahat berdiler.


şu gün 12:08
3.5k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......