Ýewropada emeli aňyň ulanylyşyny düzgünleşdirýän dünýäde ilkinji kanun kabul edildi

  • 16.03.2024 08:18
  • 3.5k+

Ýewroparlament emeli aňyň ulanylyşyny düzgünleşdirýän kanuny kabul etdi. Bu emeli aň ulgamlaryny işläp düzüjiler we ulanyjylar üçin düzgünleri kesgitleýän dünýäde ilkinji resminamadyr.

Kanun emeli aň ulgamlary üçin töwekgelçiligiň pes, ortaça, ýokary we kabul ederliksiz ýaly dört kategoriýasyny girizmek bilen, raýatlaryň hukuklaryny bozýan tehnologiýalary ulanmagy gadagan edýär. 
Şeýlelikde, şular gadagan edilýär:

  • Maglumatlar bazasyny döretmek üçin Internetden ýa-da wideo gözegçilik kameralaryndan ýüz şekillerini ulanýan biometrik kesgitleýiş ulgamlary;
  • Jemgyýetçilik ýerlerinde hakyky wagt režiminde ýüzi tanamak ulgamlary;
  • Işde ýa-da okuwda adamlaryň emosiýasyna baha berýän ulgamlar;
  • “sosial reýtingi” ýa-da profilirlemäni ulanýan ulgamlar;
  • Adamyň özüni alyp barşyny dolandyrýan ýa-da onuň gowşak tarapyndan peýdalanýan emeli aň ulgamlary.

Hukuk goraýjy edaralara biometrik kesgitleýiş ulgamlaryny diňe aýratyn ýagdaýlarda (mysal üçin, ýiten adamy gözlemekde ýa-da terrorçylygyň öňüni almakda) ulanmaga rugsat berilýär.
Töwekgelçilik derejesi ýokary bolan emeli aň ulgamlary üçin (mysal üçin, lukmançylykda, bilimde, möhüm infrastrukturada) kanun aç-açanlygy we adam gözegçiligini talap edýär.
Umumy maksatly emeli aň ulgamlary aç-açanlyk talaplaryna laýyk gelmeli we ÝB-niň awtorlyk hukugy baradaky kanunyny berjaý etmeli. Emeli ýa-da gaýtadan işlenen şekiller bellik edilmelidir.
Indi kanun gutarnykly hukuk-lingwistik barlagyndan geçmeli, soň ol Ýewropa Geňeşi tarapyndan tassyklanar. Kanun ÝB-niň resmi žurnalynda neşir edilenden 20 gün soň güýje girer we iki ýyldan doly derejeli ulanylyp başlanar.


23.06.2026 22:17
2.4k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

05.06.2026 15:42
3.5k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......