ABŞ we ÝB söwda ylalaşygyny gazandy. Ýewropa ýurtlary üçin gümrük paçlary 15% bolar

  • 30.07.2025 14:43
  • 6.9k+

ABŞ bilen Ýewropa Bileleşigi söwda şertnamasyna gol çekdi. Onuň şertleri boýunça Waşington Ýewropa harytlarynyň, şol sanda awtomobilleriň importy üçin gümrük paçlary 15%-e çenli azaltdy. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Şotlandiýada Ýewrokomissiýanyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşykdan soň žurnalistlere aýtdy diýip, Bloomberg habar berýär. 

Onuň aýtmagyna görä, ÝB ABŞ bilen söwda üçin öz bazarlaryny paçsyz açmaga hem-de ABŞ-dan 750 mlrd dollarlyk energiýa göterijilerini satyn almaga razy boldy. Mundan başga-da, Brýussel amerikan ykdysadyýetine “öňküsinden 600 mlrd dollar köp” maýa goýar (CNN). Şeýle-de, ÝB “uly mukdarda” amerikan harby enjamlaryny satyn almak barada ylalaşdy.
Ýewrokomissiýanyň başlygy ylalaşygyň gazanylandygyny tassyklady. Bloomberg-iň maglumatlary boýunça, şertnama ÝB-e 1-nji awgustdan amerikan tarapyndan 30% möçberde gümrük pajynyň girizilmeginden gaçmaga mümkinçilik berer.
Şol bir wagtyň özünde, ÝB-den ýarymgeçirijiler üçin paçlar baradaky çözgüdiň ýakyn hepdede bolmagyna garaşylýar.
Ozal ABŞ Ýaponiýa bilen söwda şertnamasyny baglaşdy. Onuň şertlerine görä, ýapon harytlary, şol sanda awtomobiller üçin gümrük paçlary 15% bolar, muňa jogap hökmünde ýapon tarapy ABŞ-nyň ykdysadyýetine 550 mlrd dollar maýa goýmaga borçlandy.
2025-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemi boýunça, ABŞ-da täze awtomobilleriň satuwy 3,9% ýokarlandy. Şu ýylyň ýazynda Tramp tarapyndan girizilen import paçlary eýýäm bazaryň gurluşyna täsir etdi: bahasy 30 müň dollara çenli bolan ulaglaryň satuw paýy düýpgöter azaldy.
Paçlar Ýewropanyň awtoöndürijilerine hem täsir etdi. Mysal üçin, Volkswagen-iň girdejisi 0,3% - 158,4 mlrd ýewro çenli azaldy, operasion girdeji bolsa üçden bir – 10-dan 6,7 mlrd ýewro çenli pese gaçdy. Bu kompaniýanyň ýarym ýyllyk hasabatyndan gelip çykýar. Konserniň hasaplamasy boýunça, amerikan import paçlary Volkswagen-e 1,3 mlrd ýewro düşdi. 


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:42
3.5k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......