Ýewropada pes hünär taýýarlykly işgärleriň 2,3 million iş orny ýitirim boldy

  • 12.08.2025 16:30
  • 5.4k+

Soňky on ýylda Ýewropanyň zähmet bazary düýpli üýtgeşmelere sezewar boldy. Randstad agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 2014-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda 2,3 million pes hünär taýýarlykly işgärler üçin iş orny ýitirim boldy, şol bir wagtyň özünde ýokary bilimli hünärmenler üçin boş iş orunlarynyň sany 20,8 million artdy. Bu maglumatlar “Zähmet bazarynda nesilleriň çekýän kynçylygy” atly täze hasabatda getirilýär.

Iş orunlarynyň ösüşiniň hemmesi diýen ýaly ýokary bilimli hünärmenler üçin boldy. Ispaniýada uçurymlar üçin boş iş orunlarynyň sany on ýylda 37,8% artdy (2,7 million ýer). Bu san maglumaty boýunça 88,2% bilen Türkiýe öňde barýar, ondan soňra Portugaliýa (58,2%) we Niderlandlar (48,8%) durýar.
Barlagyň awtorlary dokuz million onlaýn iş ornuny seljerip, uçurymlaryň ýarysyndan gowragynyň üç ugry - işewürlik we hukuk, saglygy goraýyş we inženerçilik ugurlaryny saýlandygyny anykladylar. Şol bir wagtyň özünde, IT we STEM ugurlaryna kembaha garalýar. Mysal üçin, Ispaniýada döwlet dolandyryşy, goranmak, IT we ylym boýunça hünärmenler ýetmezçilik edýär.
Zähmet bazary pensiýa ýaşyndaky işgärleriň sanynyň köpelmegi we COVID-19 pandemiýasyndan soň boş iş orunlarynyň düýpgöter köpelmegi sebäpli, çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, Randstad Research-iň müdiri Walentin Bote düşündirýär.
Rumyniýa, Gresiýa we Ispaniýa ýaly birnäçe ýurtlarda inženerçiligi gutaranlaryň sany azaldy. 2022-nji ýylda olar Germaniýada 22,5% bolsa, Ispaniýada 12%-denem az boldy we Şwesiýada 18,3% boldy. Ispaniýa IT ulgamynda hem yza galýar - talyplaryň 5,2%-i. Şwesiýada we Rumyniýada bu görkeziji 6%-den geçýär.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

09.05.2026 15:30
2.6k+

Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmegi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Roksana Mynzatu Ýewropa Bileleşiginiň  taryhynda ilkinji gezek taýýarlanan ýörite strategiýa arkaly 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmek isleýändiklerini mälim......