Ilon Mask 2025-nji ýylda emeli aňyň islendik adamdan has akylly boljakdygyny çaklaýar

  • 15.03.2024 06:21
  • 8.1k+

Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Maskyň pikiriçe, emeli aň 2025-nji ýylda aň taýdan islendik adamdan öňe geçip biler, 2029-njy ýyla çenli bolsa emeli aň tutuş adamzatdan has akylly bolar. Bu pikiri Mask amerikaly futurolog Reýmond Kursweýliň garaýşyna teswir hökmünde aýtdy.

Alymyň garaýşy boýunça, emeli aňyň ösüş derejesi 2029-njy ýyla çenli islendik adamyň aňy bilen deňleşip biler.

“Emeli aň geljek ýyl islendik adamdan akylly bolup biler. 2029-njy ýyla çenli bolsa emeli aň, ähtimal, tutuş adamzady bilelikde alanyňda hem akylly bolar” – diýip, Mask X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.

Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Mask emeli aň tehnologiýalarynyň ösüş tizliginden heder edip, emeli aňy adamzadyň barlygy üçin potensial howp hasaplady. Mask ýokary depginde ösýän tehnologiýany hem zyýanly, hem peýdaly işler üçin ulanyp boljak “iki ýüzli gylyç” bilen deňeşdirdi.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

14.05.2026 20:49
2.6k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

23.04.2026 15:22
1.1k+

Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi....