Soýa derek liçinkalar. Rus alymlary beloklara baý siňek liçinkalaryndan mal iýmini ösdürip ýetişdirmegi teklip etdiler

  • 14.03.2024 15:24
  • 9.1k+

Sankt-Peterburgyň ITMO uniwersitetiniň alymlary ýokary belokly mal iýmini öndürmek üçin azyk galyndylarynda siňek liçinkalaryny ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasyny döretdiler diýip, uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanýan Hi-Tech ýazýar.

ITMO-nyň Ekotehnologiýalar fakultetiniň gözlegçileri gara siňek liçinkalary üçin olara belok ýygnamaga mümkinçilik berýän “berhiz” döretdiler. Adatça, liçinkalarda, takmynan, 35-40% belok bolýar. Gözlegiň awtorlarynyň bellemegine görä, bu görkezijini 60% -e çenli ýokarlandyrmak üçin olary gatan çörek we bugdaý kepegi ýaly galla galyndylary bilen iýmitlendirmeli.
Tehnologiýanyň birnäçe artykmaçlygy bar. Sebäbi, diňe suw içýän uly siňeklerden  tapawutlylykda, siňek liçinkalary möhleti geçen iýmitler, iýmit galyndylary, suw arassalaýjy desgalaryň, oba hojalygynyň we azyk senagatynyň zyňyndylary bilen iýmitlenip bilýärler. Mundan başga-da, liçinkalardan alnan belok konsentratyny haýwanlar, guşlar we balyklar gowy özleşdirýär hem-de konsentratda olaryň saglygy üçin peýdaly aminokislotalar bar.
Onuň ykdysady taýdan peýdasy hem bar: siňek liçinkalary has gymmat ösümlik iýmitleriniň ornuny tutup biljek arzan we elýeterli belok çeşmesidir.
Ýokarda agzalan “gara liçinka” siňegiň adamlar üçin howpsuz görnüşidir. Bir ene siňek 500-600-e çenli ýumurtga öndürip bilýär, olardan liçinkalar 25 günde ösüp çykýar.
Agramy ýeten liçinka guradylýar we gaýtadan işlenip, üwelip un ýaly görnüşe getirilýär. Lipidler biodizel we kosmetologiýada palma ýagynyň oruntutary hökmünde ulanylýar, ýagy alnan belok konsentraty bolsa haýwan iými hökmünde peýdalanylýar.


düýn 00:18
2.6k+

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

28.06.2026 20:31
4.1k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2.1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....