Türkmenistanly talyp GDA-nyň iň gowy ýaş alymy boldy

  • 14.03.2024 08:04
  • 17k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Baýnazar Nepesow «GDA-nyň iň gowy ýaş alymy — 2023» atly taslamanyň ýeňijisi boldy. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.

Bu çäre Halkara ýaş alymlar assosiasiýasynyň we «БОБЕК» umumymilli hereketiniň goldawy bilen guraldy.
Taslama Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Russiýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan ýaş alymlar gatnaşdy.
Baýnazar Nepesowyň ylmy işine eminler ýokary baha berdiler we ol I derejeli diploma hem-de «GDA-nyň iň gowy ýaş alymy» ýazgyly nyşana mynasyp boldy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň «Iň gowy ýaş alym — 2023» taslamasy GDA-nyň ýaş alymlarynyň ylmy we şahsy üstünliklerini wagyz edýär. Bu taslamanyň esasy maksady ýaş alymlaryň iň gowy we täzeçil eserlerini kesgitlemekden, ylmy gyzyklanmalary öňe sürmekden ybaratdyr.


23.06.2026 18:58
2.8k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

18.06.2026 14:00
4.4k+

Türkmenistanda 6 bilim edarasy döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama aldy

Aşgabatda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Birinji akkreditasiýa möwsüminiň jemleri boýunça alty sany bilim edarasy degişli......